Onuň ﷺ gudratlary

Onuň ﷺ iň beýik gudraty

Kurany Kerim — bu Onuň ﷺ iň beýik, ebedi we baky gudratydyr, nesiller üçin bir gudratdyr.

Onuň ﷺ duýgur gudratlaryndan

  • Mübärek göwsüniň ýarylmagy
  • Isra we Miraj, Al-Aksa metjidine we soňra ýokary asmanlara galmagy
  • Onuň ﷺ geljekki gaýyp barada habar bermegi we onuň aýdyşy ýaly bolmagy
  • Aýyň ýarylmagy
  • Hijret gijesi ony öldürmek üçin dilleşen kapyrlaryň arasyndan Onuň ﷺ sag-aman çykmagy
  • Onuň ﷺ Ümmü Ma'badyň goýnunyň emjegini sypalamagy we süýt bermegi
  • Onuň ﷺ göz agyryly Alynyň gözüne tüýkürmegi we şol bada sagalmagy
  • Onuň ﷺ Katada ibn Nu'manyň ýaňagyna akyp düşen gözüni yzyna gaýtarmagy we onuň iň owadan gözüne öwrülmegi
  • Onuň ﷺ Abdullah ibn Abbasa tefsir we dinde ylym bermegi üçin doga etmegi we dogasynyň kabul bolmagy
  • Köp ýerlerde iýmit we içginiň köpelmegi
  • Onuň ﷺ barmaklarynyň arasyndan suwuň çykmagy